TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TELEFON ARKALY GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN GEPLEŞDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gazagystanyň Baştutany milli Liderimizi Türkmenistanyň oňyn ösüşini we jemgyýeti demokratiýalaşdyrmagyň ugruny görkezen Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

Gazagystan Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda soňky ýyllarda tanalmaz derejede özgerendigini hem-de halkara abraýynyň belende galandygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, Gazagystan türkmen tarapynyň döredijilikli başlangyçlaryny hemişe goldaýar we doganlyk halkyň üstünliklerine şatdyr.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we berlen ýokary baha üçin gazak kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, gazak tarapynyň Türkmenistanyň raýatlarynyň Gazagystanyň çäginde ses bermegini guramaga goldaw berendigi we saýlawlara synçy hökmünde işjeň gatnaşandygy üçin sagbolsun aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparynyň şu gün saýlawlaryň jemlerini yglan edendigini, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti hökmünde Serdar Berdimuhamedowyň ykrar edilendigini belläp, şu pursatdan başlap, özüniň syýasy işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde netijeli dowam etjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça soňky ýyllaryň dowamynda köpsanly netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini we bilelikdäki işleriň amala aşyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine we onuň iki doganlyk halklaryň bähbitlere täze mazmun bilen üstüniň ýetiriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew öz ýurdunyň köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady we oňa ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, öz gezeginde, gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, doganlyk Gazagystan bilen köptaraply gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan häzirki daşary syýasy strategiýany dowam etjekdigini nygtady.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar iki halky gadymy döwürlerden bäri baglanyşdyrýan hyzmatdaşlyk we doganlyk gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň abadançylygynyň bähbidine ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdiler hem-de türkmen we gazak halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.