TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI: «DÖWLETARA GATNAŞYKLARYNDA YNANYŞMAGYŇ DIKELDILMEGI AÝRATYN DERWAÝYSLYGA EÝE BOLÝAR»

11-nji dekabrda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatynyň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň häzirki hakykatyna hem-de köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň berk kepilligi bolup hyzmat edýän, halkara ykdysady we syýasy prosesleriň oňyn ösüşine täsirini ýetirýän ähmiýetli şert bolup çykyş edýän türkmen Bitaraplygynyň özboluşlylygyny belläp geçdi.

Biz Türkmenistanyň Bitaraplygyny giň gerimli işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň, häzirki bar bolan meseleleriň hem-de gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik gurallar arkaly, gepleşikleriň barşynda kadalaşdyrylmagyna we çözülmegine oňyn täsirini ýetirýän aýratynlyk hökmünde kabul edýäris, diýip Türkmen döwletiniň Baştutany nygtady.

Mundan başga-da, öz çykyşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary H.Noziri Türkmenistany 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda YHG-nyň 15-nji Sammitini üstünlikli geçirmegi bilen gutlap, nobatdaky forumyň temasynyň häzirki zaman dünýä üçin has durnukly geljegiň binýat edilmeginde kesgitleýji ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mümkinçiliklerini, ýurduň özboluşly ösüş ýoluny, şonuň ýaly-da sebit hem-de halkara dessurlary bilen birlikde milli gyzyklanamalaryny özünde jemleýär diýip, YHG-nyň Baş Sekretary sözüniň üstüni ýetirdi.

Öz nobatynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary B.Amreýew Türkmenistanyň bu Gurama bilen özara hereketleriniň yzygiderli häsiýetini bellemek bilen, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň bu düzüme synçy-döwlet hökmünde kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady. Ol şeýle hem, Aşgabadyň oňyn Bitaraplyk derejesi Türki Döwletleriň Guramasynyň agza we synçy ýurtlarynyň arasynda sebit hem-de halkara formatynda parahatçylygyň, abadançylygyň hem-de ösüşiň saklanylmagyna gönükdirilen tagallalaryna özüniň saldamly goşandyny goşar, diýip belledi.

Öz çykyşynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary D.Kaseinow, türkmen döwleti ähli halkara düzümlerde, şol sanda TÜRKSOÝ-yň agza-ýurtlary bilen hem medeniýet diplomatiýasy ulgamynda işjeň, garaşsyz hem-de bitarap syýasaty durmuşa geçirýär, diýip beýan etdi. Bu gün, Türkmenistanyň bu hereketleriň netijelerine buýsanmaga hem-de kanagatlanmaga gürrüňsiz ýagdaýda doly hukugy bardyr, çünki olar ýurduň daşary syýasatynyň ýokary halkara hormatyna mynasyp bolmagyna getirdi, diýip ýokary derejeli myhman aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German hem halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagynda nobatdaky forumyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp geçdi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni, şeýle-de 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hakyndaky Kararnamalarynyň kabul edilmegi sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy hem-de saklanylmagy, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi babatynda bitaraplyk syýasatynyň özboluşly ykrar edilmesi boldy, diýip nygtady.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň Başlygy J.MakGregor ýurduň oňyn Bitaraplygynyň dünýä döwletleriniň ählisi bilen köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýetirýän ähmiýetine gatnaşyjylaryň ünsüni çekmek bilen, nobatdaky forumyň 1999-njy ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen parahatçylyk medeniýeti ulgamyndaky Hereketleriň Jarnamasynyň we Maksatnamasynyň ýaýbaňlandyrylmagyna itergi berýändigini belläp geçdi.

Ýokary derejeli çärä gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, bu Halkara forum parahatçylygyň we ynanyşmagyň durnukly medeniýetiniň üpjün edilmegi boýunça maksada gönükdirilen wezipeleriň işlenilip düzülmegi üçin oňyn meýdança boldy. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin üýtgewsiz ýagdaýda iň wajyp düşünjeler bolmagynda galýandyr we olar hiç haçan öz derwaýyslygyny ýitirmez.