TÜRKMENISTANYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ PAKISTANA WE HINDISTANA BOLAN SAPARLARYNYŇ JEMLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan iş duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna guralan saparlarynyň jemleri boýunça hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan hemişelik bitaraplyk derejämize esaslanan daşary syýasat strategiýamyzyň ýörelgelerine laýyklykda hyzmatda-ýurtlar bilen özara hereketleriň has hem giňledilmegi boýunça kesgitlenilen wezipelerden ugur almak arkaly, Türkmenistan Pakistan hem-de Hindistan bilen ikitaraplaýyn formatda, şeýle-de halkara we sebitleýin guramalarynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça onlaýn-duşuşygyň tamamlanmagyndan soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wekiliýetiň Nýu-Delide geçen «Merkezi Aziýa-Hindistan» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygyna gatnaşmagynyň jemlerini beýan etdi. Dialogyň çäklerinde bu Düzümiň guramaçylyk gurluşyny ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meselelerine seredilip geçildi.

Dialogyň hereketini geljekde has hem kämilleşdirmegiň mümkinçiliklerine degişlilikde, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hindistan bilen syýasy özara hereketleriniň täze formatynyň ygtybarly institusional esaslarynyň döredilmegine gönükdirilen ençeme anyk teklipler bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň başlangyçlarynyň, hususan-da Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman ulag geçelgesiniň durmuşa geçirilmegi Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň energetika hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny birleşdirýän taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň mazmunynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Ministr Dialogyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannamanyň kabul edilendigini we onda Merkezi Aziýanyň Hindistan bilen gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi baradaky Aşgabat ylalaşygyna aýratyn üns berilýändigini belläp geçdi.

Şeýle-de Dialogyň barşynda şu ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygynyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly Halkara maslahatyň barşynda beýan edilen takyk teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylan häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegi babatyndaky başlangyjynyň derwaýyslygy aýratyn bellenildi.

Görkezilen kadalaryň ählisi «Merkezi Aziýa-Hindistan» Dialogynyň Bilelikdäki beýannamasynda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifingiň barşynda ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen geçirilen gepleşikleriniň netijeleri hem beýan edildi.

Pakistan Yslam Respublikasyna bolan saparynyň jemlerini beýan etmek bilen, R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Yslamabatda Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisiniň işine gatnaşandygyny belläp geçdi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça soňky ýyllarda Owganystanda durmuş maksatly ençeme desgalaryň, hususan-da mekdebiň, lukmançylyk edaralarynyň, metjidiň gurlup ulanylmaga berilendigi aýdyldy. Nebit önümlerinden, azyk harytlaryndan, çagalar üçin egin-eşiklerden ybarat bolan ynsanperwerlik ýükleri yzygiderli esasda ýollanylýar. Şeýle ynsanperwerlik goldawlarynyň biri Owganystana şu ýylyň 14-nji dekabrynda ugradyldy.

YHG-nyň agza-ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary mejlisiniň jemleýji Kararnamasyna Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagy maksady bilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň dowam edilmeginiň hem-de bu ugurda TOPH gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) elektrik geçiriji liniýasy ýaly owgan halkynyň durmuş taýdan abadançylygynyň ýokarlandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýän iri energetika, ulag we kommunikasiýa taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy baradaky bentler girizildi.

Şeýle-de bu resminamada 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji Sammitiniň hem-de onuň netijeleri boýunça kabul edilen «Hereketleriň Aşgabat ylalaşygynyň» Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlarynyň çözülmegi babatyndaky wajyp ähmiýeti aýratyn bellenilip geçilýär.

Brifingde şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde Pakistanda Prezident Arif Alwi hem-de Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureýşi bilen geçiren işjeň gepleşikleriniň netijeleri barada hem gürrüň edildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy.