TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer hem-de beýleki ileri tutulýan ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has hem pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýokary derejedäki türkmen-hindi gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýedigi bellenilip geçildi. Şol sanda daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça alnyp barylýan özara hereketleriň mümkinçilikleri hem nygtaldy. Şu nukdaýnazardan, Söwda-ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmegiň maksada laýyklygy beýan edildi.
Häzirki döwrüň wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini nygtamak bilen, diplomatlar iki ýurduň sebit we halkara derejelerindäki özara hereketleriniň hem önjeýliligini bellediler. Hususan hem, Türkmenistanyň we Hindistanyň abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň işjeň häsiýeti nygtaldy.
«Merkezi Aziýa – Hindistan» Dialogynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nygtaýşy ýaly, özara hereketleriň bu formaty meseleleriň giň toplumyny işjeň ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
Ministrler şeýle-de taraplaryň geljegi uly bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň taslamalasynyň amala aşyrylmagy boýunça alyp barylýan işjeň gatnaşyklaryny hem belläp geçdiler.