ÝHHG TÜRKMENISTANDA TEBIGY BETBAGYTÇYLYKLARDA WE AGYR ÝAGDAÝLARDA ADATDAN DAŞARY KOMEGIŇ GURALLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAKLARYNY GURNADY

2017-nji ýylyň 14-15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet topary we beýleki degişli edaralar üçin “Tebigy betbagytçylyklarda we adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli täsir etmegiň gurallary” atly hünär okuwlary geçirildi.

Iki günlik çäre adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň çäklerinde öňüni alyş we taýýarlyk görüş işlerine bagyşlandy, şeýle-hem adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ugrunda öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga ýardam bermäge gönükdirildi.

 “2014-nji ýyldaky betbagytçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça Bazeldäki ÝHHG-nyň Ministrleriň maslahatynyň çözgüdi betbagytçylyklar bilen howupsyzlygyň arasyndaky arabaglanşygy görkezdi we betbagytçylyklaryň howpuny azaltmak ugrunda hyzmatdaşlyk ynamyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam etjekdigini belledi”,-diýip ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy hanym Drozd aýtdy.- “Bileleşikler derejesinde betbagytçylyklaryň howpuny azaltmakda ýardam bermekde we tebigy betbagytçylyklary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak üçin milli we sebitleýin kuwwaty berkitmekde ÝHHG köpsanly taslamalary öňe sürdi. Şu günki çäre ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň işiniň üstünlikli dowam edýändigini alamatlandyrýar”.

Çäräniň barşynda halkara bilermen krizise garşy dolandyrşyň düzgünlerini, şeýle-hem adatdan daşary ýagdaýlarda we tebigy betbagytçylyklarda kömek bermegiň mehanizimlerini açyp görkezdi. Esasy üns adatdan daşary ýagdaýlarda halkara kömeklerini almagyň dürli usullaryna we krisize garşy türgenleşikleriň ýygy-ýygydan geçirilip durmagynyň ähmiýetliligine berildi.

Okuw sapagynyň meýilnamasyna şeýle-hem wirtual şäherde nusgalaýyn türgenleşikler girizildi, olar gatnaşyjylara howplara baha bermekde, taýýarlygy we täsir etmegi üpjün etmekde çäreleri işläp düzmekde şeýle-hem adatdan daşary ýagdaýlarda krizise garşy çäreleri taýýarlamakda we dolandyrmakda öz endiklerini kämilleşdirmäge mümkinçilik döretdi. Amaly sapaklar tebigy betbagytçylyklary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmakda esas hökmünde kommunikasiýanyň ähmiýetini görkezdi.