TÜRKMENISTANYŇ KABULDAKY ILÇISI OWGANYSTANYŇ DIM-DE GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi.

Owgan daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna hem-de halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Şonuň ýaly-da ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer hemaýaty üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň derwaýyslygyny nygtadylar. Şu nukdaýnazardan, özara haryt dolanşygynyň artdyrylmagy hem-de ykdysady gatnaşyklaryň täze ugurlaryny gözlemek maksady bilen, iki ýurduň işewürler-toparlarynyň arasynda duşuşyklaryň guralmagynyň maksadalaýyklygy bellenilip geçildi.