ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň arasyndaky ysnyşykly özara hereketleriň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi. 

Diplomatlar şeýle-de sebit hem-de halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma döredýän derwaýys ugurlary boýunça hem pikirleri alyşdylar.