TÜRKMENISTAN WE BMG DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DOWAM EDILMEGINI ILERI TUTÝARLAR

2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili hanym Fekitamoeloa Katoa Utoikamana bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.  

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. 2030-njy ýyla çenli Döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda tagallaryň utgaşdyrylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.  

Bu nukdaýnazardan, ulag ulgamyndaky özara baglanşyklylygyň giňeldilmegi arkaly, deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň (DÇBÖGÝ) ykdysady mümkinçilikleriniň doly açylmagy maksady bilen Türkmenistanyň BMG-niň şu Edarasy bilen hyzmatdaşlygyny ýaýbaňlandyrmaga taýýarlygy beýan edildi. Türkmenistanyň «Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar üçin 2014-2024 on ýyllygynyň Wena maksatnamasynyň hereketlerini» goldaýandygy bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy sebit we global integrasiýasyna itergi berýän ulag ulgamyndaky özara baglanşyklylygyň derwaýyslygyna doly düşünmek arkaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag ulgamyndaky ençeme kararnamalarynyň kabul edilmeginiň başlangyjy bilen çykyş edendigini nygtady. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag boýunça global maslahat hem üstünlikli geçirildi. Bularyň ählisi ygtybarly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine we ýurtlaryň arasynda durnukly serhetýaka söwdasynyň ilerledilmegine itergi berýär.

Taraplar DÇBÖGÝ üçin aýratyn wajyp ähmiýete bolan durnukly özara baglanşyklylygyň gazanylmagy üçin degişli gurallaryň kämilleşdirilmeginiň zerurlygy baradaky karara geldiler. Şu nukdaýnazarlardan ugur alyp, Türkmenistan hususan hem adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly halkara ulag daşamalarynyň üpjün edilmegi boýunça başlangyç bilen çykyş etdi.

Bu ugurda Türkmenistanyň Ýewropa we Aziýa ýurtlarynyň arasynda ulag-üstaşyr gatnawlaryny ösdürmek babatyndaky tagallalary hem aýratyn bellenilip geçildi. Sebit ähmiýetli köpsanly ulag, infrastruktura we energetika taslamalary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän ähmiýetli işleriň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Lapis-Lazuli ulag gçelgesiniň, TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň, şol sanda Türkmenistandan Owganystana gurulýan demir ýollaryň aýratyn ähmiýeti nygtalyp geçildi.        

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Fekitamoeloa Katoa Utoikamana netijeli hyzmatdaşlyk saklaýandyklary babatynda minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Bu ugurda geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň hökümetiniň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynda geçirilen Durnukly ulag meseleleri boýunça Ýokary derejeli sebitleýin dialogyň netijeliligi bellenilip geçildi. Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň şu ýyl deňize çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar üçin Ministrler derejesindäki ulag maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görýändigi hem bellenildi. Munuň üçin ýurt halkara guramalaryny we maliýe institutlaryny ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýandyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi (mfa.gov.tm)