Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Awstriýanyň Diplomatik Akademiýasynda tegelek stoly geçirdi

2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Wenany Diplomatik Akademiýasynda tegelek stoly geçirdi.

Tegelek stola Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ilçiler, halkara guramalaryň wekilleri, ylmy işgärler, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Diplomatik Akademiýasynyň direktory E.Briks, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, BMG-niň wekili W.Gorýaýew çykyş etdiler.

Türkmen tarapy öz çykyşynda gatnaşyjylary 2020-nji ýylyň dowamynda türkmen bitaraplygynyň ornynyň sebitleýin hopwsuzlyk, durnuklylyk we durnukly ösüşiň, hemmetaraplaýyn ösüşiň halkara derejesinde düşünjeleriniň giňelmegine gönükdirilen çäreleri bilen belleniljekdigini belläp geçdi. Esasy çäre bolsa şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýokary derejedäki Halkara Maslahaty.

Tegelek stoluň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan wideorolik görkezildi.