Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putinyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. 

Saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň baştutanlary syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de taraplar BMG-niň, GDA-nyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerindäki türkmen-rus hyzmatdaşlygyň ösüş meseleleri barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň ahyrynda resminama kabul edildi.