Türkmenistanyň we Gazagystanyň Liderleri strategiki hyzmatdaşlygyň ösüş meseleleri barada pikir alyşdylar

2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Prezident Kasym-Jomart Tokaýewiň ýolbaşçylygyndaky Gazagystan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.

Saparyň çäklerinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen-gazak gatnaşyklarynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky netijeli ösüşini işjeňleşdirmek, şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygy geljekde hem berkitmek meselelerine seredilip geçildi.