Türkmenistanyň EKOSOS-yň üç edarasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan maslahat

2019-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň EKOSOS-yň üç edarasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlanan «Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: strategiki hyzmatdaşlygyň täze belentlikleri» atly maslahat geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisiniň işiniň barşynda biziň ýurdumyz bu guramanyň üç sany möhüm edarasyna: 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlandy.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, häkimlikleriniň, syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, milli gazet-žurnallarymyzyň baş redaktorlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, biziň ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň žurnalistleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda çykyş edenler Türkmenistan üçin ynsanperwerlik meseleleriniň çözgütleri babatynda BMG bilen köpugurly ysnyşykly hyzmatdaşlygyň köp ýyllaryň dowamynda kemala gelen tejribe bolup durýandygyny we onuň iş ýüzünde özüniň netijeliligini hem-de uzakmöhletleýin milli gyzyklanmalarymyza, şonuň ýaly-da halkara jemgyýetçiliginiň strategiki maksatlaryna laýyk gelýändigini subut edendigini aýratyn nygtadylar.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda çykyş edenler biziň ýurdumyzyň EKOSOS-yň ýöriteleşdirilen edaralarynyň agzalygyna saýlanmagynyň ähmiýetini bellemek bilen, onuň Türkmenistan tarapyndan bu ulgamda durmuşa geçirilýän ähmiýetli hem-de wajyp işleriň kanunalaýyk netijesi bolup durýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin Brifingi geçirildi we onuň dowamynda sorag-jogaplar alyşyldy.