Türkmenistanyň DIM-de strategiki dialog boýunça okuw maslahaty geçirilýär

2019-njy ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkeziniň (NESA) bilermenleriniň gatnaşmagynda Günorta we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça okuw maslahaty öz işine başlady.

Okuw maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşary işler, Goranmak, Milli howpsuzlyk ministrliklerinden we Döwlet serhet gullugyndan wekiller gatnaşýarlar.

Okuw maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň Merkezi we Günorta Aziýadaky howpsuzlyk gyzyklanmalarynyň seljermeleri, Owganystandaky ýagdaýlar, radikallaşma we ekstremizme garşy göreş, şeýle hem sebitdäki umumy ýagdaýlar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

         Okuw maslahaty 2019-njy ýylyň 3-nji maýyna çenli öz işini dowam eder.