Türkmen sürüjileri Russiýanyň ralli-reýd boýunça çempionatynda baýrakly orunlara mynasyp boldular
Astrahanda Russiýanyň “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýd boýunça çempionaty hem-de Astrahan welaýatynyň 2019-njy ýyldaky çempionaty tamamlandy. Bu ýaryşlara Türkmenistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Latwiýadan, Finlýandiýadan we Ukrainadan türgenler gantaşdylar. Jemi 500 golaý adam, 240-dan gowrak ýük ulaglary, motosikller we jip ulaglar gatnaşdylar.
“Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýdiniň gatnaşyjylary 3 günüň dowamynda Astrahan düzlüklerinden 700 kilometrden gowrak ýoly geçdiler. Olaryň 500 kilometri – çägeli we takyr ýollar bolup, olaryň ugrunda iň ezber awtosürüjiler üçin hem az päsgelçilikler bolmady.
Ýokarda agzalan çempionatlara Türkmenistandan 2 ekipaž gatnaşdy. Merdan we Şöhrat Toýlyýewleriň dolandyrmagyndaky “Nissan Patrol” jip awtoulagly birinji ekipaž Russiýanyň “Kaganyň Altyny-2019” atly ralli-reýd çempionatynda baýrakly ikinji orna mynasyp boldy. Begnazar Nurýagdyýewiň we Muhammetmyrat Gurbanowyň dolandyrmagyndaky “Mitsubishi L 200” jip awtoulagly ikinji ekipaž bolsa Astrahan welaýatynyň 2019-njy ýylyň çempionatynda üçünji orna mynasyp boldy.