Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça 2019-njy ýylyň 4-6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Moskwa şäherinde boldy.

Saparyň çäklerinde Moskwa şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti birnäçe resmi we iş duşuşyklaryny geçirdi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparyna rus böleginiň ýolbaşçysy, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet başlygynyň orunbasary W.A.Çuýçenko bilen bolan resmi duşuşygyň dowamynda, taraplar şu ýylyň 7-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek mejlisiň anyk gün tertibini ylalaşdylar.

Russiýa Federassiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen bolan duşuşygyň netijesinde Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri W.W.Makeý bilen geçirilen resmi duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019–2020-nji ýyllarda Hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.H.Kamilowyň ýolbaşçylygyndaky bu ýurduň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda geljekde iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny çuňlaşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyldy.

GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde geçirmek meseleleri bu guramanyň başlygynyň orunbasary I.I.Kuzmin bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda ara alyp maslahatlaşyldy.

GDA-nyň gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer Hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara gaznasynyň müdirliginiň başlygy Polat Bilbil ogly bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda 2019-njy 15-16-njy maýynda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň gurnamak we geçirmek meseleleri boýunça maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň netijesi boýunça türkmen wekiliýeti tarapyndan GDA-nyň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe ähmiýetli resminamalara gol çekildi.