Türkmenistanda Ispaniýanyň täze Ilçisi işe başlady

2019-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ispaniýanyň Türkmenistandaky täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa şäheri) jenap Fernando Walderrama Pareha bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlaryny gowşurdy we türkmen tarapyna myhmansöýerligi hem-de bu duşuşygyň ýokary derejeli guramaçylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle hem sebitde howpsuzlygyň we ykdysady ösüşiň üpjün edilmeginde Türkmenistanyň möhüm ornuny belläp geçmek bilen, bitarap döwletiň aýdyň mysaly bolan Türkmenistanyň ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy ýola gýmak işlerine agramly goşant goşýandygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda taraplar ýurtlaryň ikisiniň hem Türkmenistanyň we Ispaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn formatda, edil şonuň ýaly-da halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň derejelerinde işjeňleşdirmek boýunça tagallalaryny belläp geçdiler. Syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilip geçildi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin dürli derejelerdäki ikitaraplaýyn saparlaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny belläp geçdiler. Şu ýyl daşary işler ministrlikleriniň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi boýunça teklipler aýdyldy.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem içgin ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi şu saparynyň dowamynda onuň ýanynda birnäçe ispan kompaniýalarynyň wekilleriniň bardygyny hem-de olaryň Türkmenistanda işlerini işjeňleşdirmäge umyt bildirýändiklerini belledi.  

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk hakynda gürrüň etmek bilen taraplar Türkmenistanda ispan diliniň okadylmagy boýunça maksatnama bilen birlikde bilim ulgamynda taslamalaryň işlenilip düzülmeginiň wajyp ähmiýetini belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Ispaniýanyň Ilçisi hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem giňeldilmegine ynam bildirdi we türkmen-ispan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda ýadawsyz işlemäge taýýarlygyny mälim etdi.