Aşgabatda Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek hakyndaky Ylalaşygyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşlaşylýar

2019-njy ýylyň 11-nji martynda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň birinji gününiň dowamynda Ylalaşygyň taslamasyny düýpli ara alyp maslahatlaşmak we oňa teklipleri girizmek boýunça işler alnyp baryldy.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen sammitde eden çykyşynda: «Mälim bolşy ýaly, dördünji Hazar sammitiniň maglumatynda adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmegiň guralyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulandyr. Hazar deňziniň giňişliginiň aglaba böleginiň umumy suw giňişligi bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu ugurda mundan beýläk-de işleri geçirmek zerurdyr» diýip belledi.

Şeýle hem deňizde gözleg-halas ediş işleriniň geçirilmegi adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmegiň guralynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işleri babatda bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taýýarlanmagy aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol başlangyjyna laýyklykda, türkmen hünärmenleri «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny taýýarladylar. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli guramalaryna iberildi.

Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda «Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň birinji mejlisi üç günläp dowam eder we 13-nji martda öz işini tamamlar.