Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň Ilçisi bilen duşuşyk guraldy

2019-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Kanadanyň Ilçisi Kristofer Kuter bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy Demirgazyk Amerika ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti barada belledi. Şu nukdaýnazardan alanyňda taraplar, ilkinji ýokary derejeli ikitaraplaýyn saparlary gurnamagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Şeýle hem halkara guramalaryň, esasan-da BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meseleleri ara alyp masalahatlaşmak bilen, taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajyplygyny bellediler.

Global meseleleri diplomatik gepleşikler arkaly täze ýollar arkaly çözmekde garaýyşlaryň umumylygyny bellemek bilen, türkmen tarapy sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde eýeleýän Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň wajyp ornunyň ähmiýetini belläp geçdi.

Şunuň bilen, taraplar terrorçylyk, ektremizm we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy ýaly halkara wehimlerine garşy göreşmekdäki dünýä ähmiýetli başlangyçlarynda bileleşmek baradaky teklibi oňladylar.

Taraplar söwda we ykdysadyýet, bilim, daşky gurşawy goramak şeýle hem öňüni alyş we suw diplomatiýasy ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine garadylar.