«Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyrmak» atly okuw kursyna gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutyna bardylar
2019-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň, Halkara Umman institutynyň dolandyryjy direktory Antonella Wassalo we UNESCO-nyň Hökümetara okeanografik toparynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň geneşçisi doktor Ýuriý Olýunin bilen duşuşygy geçirildi.
Myhmanlar talyplaryň öňünde «Halkara Umman instituty we ummany dolandyrmakdaky potensialyň ösüşi: Hazar deňzi sebitinde üstünlikli hyzmatdaşlyk», şeýle hem «Hökümetara okeanografik topary: Hazar deňzini durnukly ösdürmekde ähmiýeti we orny» atly leksiýalar bilen çykyş etdiler hem-de talyplaryň sowallaryna jogap berdiler.