Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleri ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar
2019-njy ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hazar deňzinde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň” taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça hazarýaka döwletleriniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň iki günlük mejlisi öz işine başlady. Maslahata Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleri gatnaşýar.
Gepleşikleriň başynda, myhmanlar türkmen tarapyna duşuşygyň guramaçylygy we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirdiler. Teswirnamanyň esasy maksatlarynyň arasynda - deňiz gämileriniň heläkçiliginiň öňüni almak, gämileriň ekipažlarynyň aglabasynyň we ýolagçylarynyň ömrüni hem-de saglygyny goramak, ulag serişdeleriniň we olarda daşalýan ýükleriň abatlygyny üpjün etmek bolup durýandyr.
Bu ugurda deňizde gözleg we halas ediş işlerini guramaga, deňiz portlarynda gözegçiligi ýola goýmaga, heläkçiligi derňemäge, şeýle hem deňizde ýüzmek üçin howply bolan daşky şertleriň, şol sanda deňiz gurşawynyň hapalanmagynyň, emeli deňiz desgalarynyň – ýerasty kabelleriň, turbageçirijileriň, buraw desgalarynyň, beýleki gämileriň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga degişli bolan meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylýandyr. Mälim bolşy ýaly, bu resminama Hazar deňziniň howpsuzlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga laýyklykda işlenilip düzülýär.
Soňky döwürde, Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda Ýurdumyzypň Prezidentiniň halkara başlangyçlary esasynda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynyň çäginde möhüm ylalaşyklaryň kabul edilendigini bellemek zerurdyr.
Mejlisiň işi ertir, ýagny 2019-njy ýylyň 1-nji martynda tamamlanar.