YHÖG-niň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary
2019-njy ýylyň 26-27-nji fewraly aralygynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Ýewraziýa departamentiniň başlygy jenap William Tompsonyň baştutanlygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar.
Saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda, taraplar söwda-ykdysady ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp, ýurduň eksport potensialynyň ýokarlandyrmagyň we täze iri maýa goýumlaryny çekmek üçin taslamalary işläp düzmekligiň zerurdygyny bellediler.
Saparyň dowamynda Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Ýewraziýa departamentiniň başlygy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi.