Duşenbede Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleri başlandy

2018-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Duşenbe şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Açylyş dabarasyna iki ýurduň Medeniýet ministrleri, Duşenbe şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň işgärleri, şeýle hem sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Şol günüň dowamynda Täjigistanyň paýtagtynyň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi, şeýle hem iki ýurduň sungat wekilleriniň duşuşygy geçirilip, onuň dowamynda türkmen-täjik medeni gatnaşyklarynyň ösüşiniň mümkinçilikleri ara alnyp malsahatlaşyldy.

Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň ähli sebitleriniň muzeýlerinden kaşaň eserleriniň we amaly-haşam eserleriniň birleşdirilen giňişleýin ekspozisiýasy geçirildi.

A.Lahuti adyndaky Täjigistanyň akademiki teatrynyň sahnasynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynyň ussatlary “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynyň mazmuny esasynda döredilen “Daýahatyn” oýnuny görkezdiler.

“Kohi Borbad” Döwlet toplumynyň sahnasynda geçirilen dabaraly konserti çäreleriň esasy boldy. Duşanbeniň ýaşaýjylary we täjik paýtagtynyň myhmanlary türkmen saz sungatynyň, bahşy sungatynyň we folklor toparlarynyň täsirli çykyşlary, türkmen sahnasynyň ýyldyzlarynyň ussatlygy we tans toparlary bilen tanyşdylar.

Türkmenistanyň Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Täjigistana gelen ýurdumyzyň wekiliýet agzalary şeýle hem, Hatlon welaýatynyň Jaýhun etrapynyň administratiw merkezi – Dusti şäherçesine baryp gördiler.

Dustide şäherçesinde ýaşaýan türkmen diasporasy Täjigistana medeni çärelere gatnaşmaga gelen watandaşlarynyny hoşallyk bilen garşyladylar.

Sungat ussatlarynyň, horeografiýa toparlarynyň, şeýle hem häzirki zaman we halk aýdymlaryny aýdýan türkmen aýdymçylarynyň gatnaşmagynda Dustiniň medeniýet öýünde dabaraly konsert geçirildi.