Türkmenistan we Bütindünýä Gümruk Guramasy hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

2018-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Brýussele bolan iş saparynyň çäginde Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Baş Sekretary j-p Kuniýo Mukuriýa bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ähmiýetli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, türkmen tarapy serhetde gümrük gözegçiligini kämilleşdirmekde BGG-ň tejribesini öwrenmek we özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.