Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Durnukly ösüş üçin suw” atly halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ösüşine ýokary baha berdiler. Türkmen we pakistan halklaryny birleşdirýän dostlugyň mizemezligi, çuňňur taryhy kökler, medeniýetleriň ýakynlygy şol gatnaşyklaryň mäkäm binýady bolup durýar.

Prezident Mamnun Huseýniň belleýşi ýaly, Pakistan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gyzyklanma bildirýär hem-de Merkezi we Günorta-Gündogar Aziýa sebitinde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine türkmen Lideriniň ýöredýän döredijilikli içeri we daşary syýasatyny goldaýar. Şunda dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň transkontinental energetika we ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň aýratyn möhümdigini belledi. Şol başlangyçlar dünýä bileleşiginiň goldamagy bilen üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Pakistanyň Prezidenti ýokary derejeli maslahat barada aýtmak bilen, biziň ýurdumyzyň suw we beýleki tebigy serişdeleri aýawly saklamak we dikeltmek, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagy, tebigy we tehnogen heläkçilikleriň täsirleriniň öňüni almak we ýumşatmak ýaly häzirki döwrüň ekologik meselelerini çözmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmek boýunça teklipleriniň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzy täze ýagdaýlarda gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň söwda-ykdysady we medeni däpleri baglanyşdyrýar.

Milli Liderimiz Pakistan bilen strategik hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen belledi. Bu hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşlerde, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň çäklerinde üstünlikli ösýär.

Söhbetdeşler ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, öňi bilen ýangyç-energetika pudagynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary yklymyň iri energoulgamyny — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň, şeýle hem optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny, awtomobil we demir ýollaryny çekmegiň giň gerimli taslamalaryny amala aşyrmaga özara taýýardyklaryny aýtdylar. Bu taslamalaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine, halklaryň gülläp ösmegine hyzmat eder.

Şunuň bilen birlikde, taraplar ynsanperwer ulgamda, şol sanda medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däbe öwrülen özara gatnaşyklary giňeltmek, degişli ugurlarda bilelikdäki çäreleri geçirmek we tejribe alyşmak barada pikirlerini beýan etdiler. Pakistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary halklaryň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmäge, olimpiýa hereketiniň ynsanperwer maksatlaryny berkarar etmäge ýardam etdi. Pakistanyň Prezidenti bu ajaýyp sport forumynyň açylyş dabarasyna belent mertebeli myhman hökmünde gatnaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mamnun Huseýn Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassyklap, iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdiler.