Welosiped sportuny wagyz etmekde Türkmenistanyň tejribesi Ginnesiň rekordlar kitabynda

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­ni esas­lan­dyr­mak ha­kyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Re­zol­ýu­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi ne­ti­je­sin­de dün­ýä­niň sport, jem­gy­ýet­çi­lik hem-de ha­bar­lar to­par­la­ry­nyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, hu­su­san-da, we­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mek­de ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­ne we türk­men Li­de­ri­niň şun­da eýe­le­ýän or­nu­na, şeý­le hem ge­çi­ril­ýän de­giş­li çä­re­le­re gy­zyk­lan­ma­la­ry has-da art­dy. Il­kin­ji ge­zek bel­le­nil­ýän Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da, 1-nji iýun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan paý­tag­ty­myz­da­ky kö­pu­gur­ly “Aş­ga­bat” sta­dio­nyn­da we­los­port bo­ýun­ça köp­çü­lik­le­ýin tür­gen­le­şik sa­pa­gy ge­çi­ril­di, ony Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň we­kil­le­ri we­los­port bo­ýun­ça dün­ýä­de gu­ra­lan iň köp­çü­lik­le­ýin tälim beriş sapagy hök­mün­de ha­sa­ba al­dy­lar. 

Giň möç­ber­li we­lo­si­ped çä­re­si­ne 3 müň 246 adam gat­naş­dy, ýyg­na­nan­lar okuw-tür­gen­le­şik sa­pa­gy­nyň bar­şyn­da we­lo­si­ped sür­mek­de tür­gen­leş­di­ler, ula­gyň bu gör­nü­şi­niň hä­zir­ki za­man lo­gis­ti­ka şert­le­rin­de eýe­le­ýän or­ny ba­ra­da mag­lu­mat­la­ry hem-de şä­her­le­riň kö­çe­le­rin­de we­lo­si­pe­di howp­suz sür­me­giň ka­da­la­ry­ny öz­leş­dir­di­ler.

Bu çä­re Türk­me­nis­tan­da ýö­rel­gä öw­rül­ýän me­ýil­le­riň aja­ýyp be­ýa­ny boldy, şä­he­riň ýa­şaý­jy­la­ry has peý­da­ly we eko­lo­gi­ýa taý­dan amat­ly we­lo­si­ped­den peý­da­lan­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýar­lar.

Türk­me­nis­tan­da şeý­le me­ýil­le­riň ös­me­gi da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň ün­sü­ni çek­di, olar şä­her­ler­de we­lo­si­ped ula­gy­nyň dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýar­lar. Fran­si­ýa­nyň “SMOOVE” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri Aş­ga­bat­da hem-de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da we­lo­si­ped­le­ri kä­ren­dä ulan­ma­ga ber­me­giň aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar. Ola­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, bi­ziň ýur­du­myz­da we­lo­si­ped sür­mek üçin dö­re­di­len örän oňat şert­ler we­lo­si­ped­çi­le­riň howp­suz­lyk ka­da­la­ry­na we şä­her­le­riň ýol dü­züm­le­ri­ne ky­bap gel­ýär.

Myh­man­la­ryň bel­le­ýiş­le­ri ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan­da sport köp­çü­lik­le­ýin hä­si­ýe­te eýe bo­lup, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rü­niň baş ny­şa­ny­na öw­rül­ýär. We­los­port hem türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­mu­şyn­da aý­ra­tyn orun eýe­le­di, äh­li ýaş­da­ky adam­lar üçin el­ýe­ter­li bo­lan ula­gyň bu gör­nü­şi sag­lyk üçin örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir hem-de be­den taý­dan tap­lan­ma­ga ýar­dam ber­ýär. 

BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mas­la­ha­ty­nyň 82-nji mej­li­sin­de 3-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Re­zol­ýu­si­ýa­nyň ka­bul edil­me­gi sport we be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, jem­gy­ýet­de eko­lo­gi­ýa me­de­ni­ýe­ti­ni ke­ma­la ge­tir­mek, bu ul­gam­da döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän öň­de­ba­ry­jy or­nu­na dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň ýo­ka­ry ba­ha ber­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň spor­ta, oza­ly bi­len, yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­me­giň iň go­wy se­riş­de­si hök­mün­de aý­ra­tyn uly üns ber­me­gi mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän dur­muş sy­ýa­sa­tyn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar, dur­mu­şyň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, sag­dyn hem-de be­lent ruh­ly nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi bu sy­ýa­sa­tyň baş we­zi­pe­si­dir.

Ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ägirt uly üs­tün­lik bi­len ge­çi­ri­len Aş­ga­ba­dyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de hä­zir­ki za­man ýa­pyk we­lot­re­gi bi­na edil­di. Onuň we­lo­si­ped ýo­da­jyk­la­ry äh­li öl­çeg­ler bo­ýun­ça de­giş­li hal­ka­ra stan­dart­la­ra hem-de şu­nuň ýa­ly des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän döwrebap ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýär. 

Bu ýer­de dö­re­di­len şert­ler iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­, şol san­da dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­ny gu­ra­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. We­lo­si­ped top­lu­my­nyň çä­gin­de äh­li ze­rur dü­züm­ler — 6 müň orun­lyk to­ma­şa­çy­lar mün­be­ri, tür­gen­ler we tä­lim­çi­ler, teh­ni­ki hem-de hyz­mat ediş iş­gär­le­ri üçin ýö­ri­te otag­lar göz öňün­de tu­tul­dy. 

Şeý­le­lik­de, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň bin­ýa­dyn­da ýa­pyk we­lot­re­giň işe gi­ri­zil­me­gi mil­li we­lo­si­ped spor­ty he­re­ke­ti­niň ta­ry­hyn­da tä­ze sa­hy­pa­ny aç­dy, şu­nuň ýa­ly des­ga Türk­me­nis­tan­da il­kin­ji ge­zek gu­rul­dy. Bu des­ga­nyň hi­li­ne di­ňe bir mil­li de­re­je­li ýa­ryş­la­ra hem-de “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na gat­na­şy­jy­lar däl-de, we­lo­si­ped­çi­le­riň Hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň hü­när­men­le­ri hem ýo­ka­ry ba­ha ber­di­ler we bu ýer­de 2019-njy ýyl­da dün­ýä çem­pio­na­ty­ny gu­ra­ma­ga gy­zyk­lan­ma­la­ry­ny be­ýan et­di­ler. 

Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” şy­ga­ry bi­len gu­ral­ýan be­den­ter­bi­ýe-sport hem-de jem­gy­ýet­çi­lik-me­de­ni çä­rä­niň çäk­le­rin­dä­ki we­lo­si­ped bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi ozal gör­lüp-eşi­dil­me­dik ge­ri­me hem-de ok­gun­ly hä­si­ýe­te eýe bol­dy. 

Adam sag­ly­gy­ny, oza­ly bi­len bol­sa, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil hak­da­ky ala­da­ny döw­let äh­mi­ýet­li il­kin­ji we­zi­pe hök­mün­de yg­lan eden hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­niň hem-de ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi­ne gu­ra­ma­çy­lyk­ly we ok­gun­ly hä­si­ýet ber­di. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li we­lo­si­ped ýa­ryş­la­ry we çä­re­le­ri ýaş­la­ryň bar­ha köp ­san­ly­sy­ny spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­ýär, bu çä­re­le­riň ägirt uly ge­ri­mi bol­sa türk­me­nis­tan­ly­lar­da sport döw­le­ti hök­mün­de ab­ra­ýy­ny art­dyr­ýan ata Wa­ta­ny­my­za be­lent buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär.