Niderlandlar Patyşalygynyň wekiliýeti bilen duşuşyk
2016-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Aýratyn tabşyryklar boýunça Ilçisi j-p Ýan Paul Dirkseniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylyp, ikitaraplaýyn gyzyklanmalar bildirilýän meseleler boýunça pikirler alşyldy. Hususan hem, taraplar syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar ugurlaryndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy barada aýdyp, taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler. Mundan başga-da halkara guramalaryň, hususan hem BMG-niň, ÝHHG-niň çarçuwasyndaky hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berildi, şeýle hem Türkmenistanyň Ýewropa Birleşigi bilen özaragatnaşyklarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň çarçuwasynda, gatnaşyklaryň söwda-ykdysady düzüjisine degişlilikde, niderland tarapynyň wekilleri türkmen bazaryna bildirýän gyzyklanmalaryny bellediler. Taraplar özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýlan Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň arasyndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler.