Türkmenistanyň DIM-nde Ýewropa Birleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk

photo

2016-njy ýlyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Geňeşiniň Energetika boýunça direktoratynyň ýolbaşçysynyň orunbasary j-p Kristofer Jonsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Birleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

 Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikirler alyşyldy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, taraplar energetika pudagyndaky we medeni-gumanitar ugrundaky gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine seretdiler.

Türkmenistanyň Ýewropa Birleşiginiň ýurtlary bilen özaragatnaşyklary geljekde ösdürmäge ygrarlylygyny belläp, taraplar bu ugurdaky tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny beýan etdiler.