ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ÝÖRITE WEKILLERI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala we Ýewropa Bileleşiginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Tomas Niklasson bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalar bolup geçdi.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda sebit howpsuzlygy we ösüş meseleleri, ekologiýa we howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl” we sanly özgertmeler, energetika we ulag-logistika pudagyna degişli meseleler bellenildi.

Duşuşykda Owganystandaky ýagdaý barada pikir alyşyldy, şeýle hem owgan meselesi bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň hem-de giň dialogy saklamaklygyň wezipeleri babatynda maslahatlaşyldy.

Taraplar 26-njy maýda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekilleriniň mejlisiniň gün tertibini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatda amala aşyryljak iri çäreler barada hem pikir alyşyldy.