"HALKARA HABARLAR ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖRNÜŞLERI" ATLY «TEGELEK STOL»
2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara habarlar ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri” atly «tegelek stol» geçirildi.
Bu çärä halkara we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususy habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň metbugat attaşeleri, maglumat we aragatnaşyk syýasaty boýunça bilermenler we hünärmenler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Giňişleýin gün tertibiniň çäklerinde halkara habarlar işiniň dürli ugurlary we meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Tegelek stoluň işini açmak bilen, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa häzirkizaman maglumat giňişliginde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ägirt uly orun berilýändigini belledi. Şu nukdaýnazardan, hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara maglumat pudagynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndaky ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolup durýandygyny, netijeli garaýyşlary ýakynlaşdyrýan häsiýete eýedigini nygtady.
Türkmenistanyň Hökümetiniň milli metbugat pudagynyň öňünde ileri tutulýan wezipeleri goýýandygy bellendi. Häzirki wagtda Türkmenistan barada iň täze we ygtybarly maglumatlaryň, ýurtda bolup geçýän özgerişlikler we üstünlikler baradaky habarlaryň ählumumy sanly giňişlikde has işjeň wagyz etmek, iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, täze ýaýlym, çap we elektron metbugatynyň görnüşlerini we ülňülerini ýüze çykarmak zerurlygy döreýär. Munuň bilen birlikde, Türkmenistanda hususy habar beriş serişdeleriniň işini has hem kämilleşdirmegiň we işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 4-nji Konsultatiw duşuşygynda metbugat giňişliginde sebit hyzmatdaşlygy babatynda öňe süren başlangyçlaryna aýratyn üns çekildi.
Hususan-da, maglumat tehnologiýalarynyň bikanun ulanylmagy, Merkezi Aziýa halklarynyň taryhy däplerine, olaryň asyrlar boýy gelýän ýaşaýyş durmuşynyň gymmatlyklaryna we ýörelgelerine ters gelýän pikirleriň we garaýyşlaryň daşky täsirleri barada söhbet edildi.
Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň parahatçylyk we ösüş üçin töwekgelçiliklere sezewar bolmaýan, sebitiň durnuklylyk we ynam zolagy bolup galmaklygy üçin bilelikdäki tagallalary etmek teklip edildi.
Bu nukdaýnazardan, döwlet habarlar gulluklarynyň, metbugat serişdeleriniň we elektron habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýanyň metbugat forumyny geçirmek pikiri öňe sürüldi.
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, Ilçi Jon MakGregor öz çykyşynda metbugaty ösdürmek meselesiniň bu Guramanyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde, bu "tegelek stol" Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň arasynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu forumy Aşgabatda geçirmek başlangyjy Türkmenistanyň ÝHHG-nyň çägindäki borçnamalary ýerine ýetirmekde barha artýan ähmiýetine şaýatlyk edýär we, şunuň bilen baglylykda, halkara metbugat giňişliginde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär.
Soňra “tegelek stoluň” işi ХХI asyrda maglumat durnuklylygynyň meselelerine we sosial ulgamlaryň giňden ýaýramagy şertlerinde maglumat syýasatyna bagyşlanan iki mejlisiň çäklerinde dowam etdi. Mejlisleriň dowamynda ÝHHG-nyň halkara bilermenleri Marek Bekermanyň we Ýakup Parusinskiniň işjeň gatnaşmagy bilen, durnukly maglumat giňişligini döretmekde döwletiň orny, jemgyýetdäki habar beriş serişdeleriniň we maglumat sowatlylygynyň ugurlary, ýaşlaryň maglumat sowatlylygyny ýokarlandyrmak, nädogry we ygtybarsyz habarlara garşy göreşmek, şeýle hem žurnalistleriň metbugat giňişligindäki ýokarda agzalan meselelere we howplara garşy durmaklary ugrundaky bilimleriniň we hünär derejeleriniň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.
Foruma gatnaşyjylar sanly tehnologiýalar döwründe sosial torlaryň we PR-tehnologiýalaryň maglumat ulgamyndaky möhüm orny, döwletiň we metbugat jemgyýetçiligiň özara hereketleriniň meseleleri barada nygtadylar. Bu nukdaýnazardan, sosial torlaryň aragatnaşygyň we medeni baglanyşyklaryň guraly hökmünde netijeli ulanylmagy barada hem maslahat edildi.
Mejlisleriň netijeleri boýunça forumyň gün tertibindäki meseleler we mowzuklar boýunça düýpli we netijeli pikir alyşmak üçin "sorag-jogap" görnüşinde interaktiw söhbetdeşlik hem geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda bilim alýan, ýagny žurnalistleriň geljekki nesliniň okuw we döredijilik işine uly gyzyklanma bildirildi.
"Tegelek stoluň" işine gatnaşyjylar Türkmenistanyň sebitde we onuň daşynda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen maglumat-aragatnaşyk pudagynda ýakyn hyzmatdaşlyk alyp barmakdaky netijeli işini we möhüm ornuny bellediler.
Şeýle hem “tegelek stoluň” işine gatnaşanlar ýöriteleşdirilen daşary syýasy neşirleriň sergisi bilen tanyşdylar.