“AWAZADA” TÜRKMENISTANYŇ, AZERBAÝJANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji dekabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammitiniň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwatynyň, hususan-da, senagat, energetika, gurluşyk, oba hojalygy, ulag we beýleki ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleri bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyş edenler iň gowy dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň netijeli hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny we dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň türkmen bazaryndaky orunlaryny pugtalandyrmaklaryny goldaýandygyny bellediler.
Myhmanlar öňdebaryjy kompaniýalaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, doganlyk ýurtlaryň halklarynyň bähbidine giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini tassykladylar.
Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň dürli ugurlarynda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri seljerildi. Bilelikdäki işiň anyk meýilnamalary ylalaşyldy.
Işewürlik duşuşygynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda üçtaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek we özara düşünişmek hakynda Jarnama gol çekildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa häzirki günde täze itergi berlen işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.