UNRCCA MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ÝYLLYK ÝYGNAGYNY GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 11-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistan hökümetiniň goldawy bilen BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkezi (UNRCCA) tarapyndan gurnalan Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň on ikinji ýyllyk ýygnagyny geçirildi.

Ýyllyk ýygnagyň maksady Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar barada pikir alyşmak, şeýle hem UNRCCA bilen sebit hökümetleriniň arasynda öňüni alyş diplomatiýasy bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakdy.

BMG-nyň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň ýörite wekili, UNRCCA-nyň başlygy Natalýa German ýygnakda eden çykyşynda “häzirki global ýagdaýa garamazdan howpsuzlyk, energiýa, howanyň üýtgemegi we beýlekiler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin sebitiň ýurtlary dürli derejelerde, şol sanda iň ýokary syýasy derejede hem yzygiderli aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýtdy. ”

UNRCCA-nyň 15 ýyllygy mynasybetli Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň we UNRCCA-nyň hökümetleriniň arasynda ýyllar boýy ösen hyzmatdaşlyga we ynama ýokary baha berdiler. Sebit merkeziniň ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy göreş, howanyň üýtgemegi we suw diplomatiýasy ýaly ileri tutulýan ugurlardaky işlerine, şeýle hem "Zenanlar, Parahatçylyk we Howpsuzlyk" hem-de "Ýaşlar Parahatçylyk we Howpsuzlyk" ýaly global meýilnamalarynyň çäginde gepleşikleri goldaýandyklaryny mälim etdiler..

UNRCCA-da geçirilen ýokary derejeli ýygnakda hökümetler bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda dördünji dialog geçirildi. Sebitdäki bäş ýurduň hemmesine wekilçilik edýän Öňüni alyş diplomatiýa akademiýasynyň on gatnaşyjysy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary bilen duşuşyp, sebitiň geljegi baradaky pikirlerini paýlaşdylar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň on ikinji duşuşygy, 2022-nji ýylyň 10-11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 27 ýyllygyna we UNRCCA-nyň 15 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ahyrky tapgyry boldy.