TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ SENATYNYŇ “FRANSIÝA — MERKEZI AZIÝA” PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa - Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý bilen duşuşygy boldy.
Myhman ikiçäk duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny Bitaraplyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Senatyň Başlygy Žerar Larşeniň adyndan mähirli salam ýetirip, iň oňat arzuwlaryny beýan etmek bilen, parlamentara dostluk toparynyň başlygy Fransiýanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady. Şeýle hem myhman Fransiýanyň Senatynyň Başlygynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna özi üçin islendik amatly wagtda Fransiýa Respublikasyna sapar bilen gelmek baradaky ýörite çakylygyny ýetirdi.
Hormatly Arkadagymyz gutlaglardyr hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň Başlygyna mähirli salamyny beýan edip, şu saparyň ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda we parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini belledi hem-de çakylygy minnetdarlyk bilen kabul etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýyl şanly senäniň — Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, şu döwürde ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Söhbetdeşler iki ýurduň hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek üçin parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda “Fransiýa - Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň uly mümkinçiligini peýdalanmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliginiň ulanylmagyna üns çekildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Fransiýa Respublikasynyň Senatynyň “Fransiýa - Merkezi Aziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Erwe Moreý döwletara gatnaşyklara iki ýurduň özara düşünişmeginiň hem-de ýakynlaşmagynyň möhüm guraly hökmünde garap, mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli kanun çykaryjylyk işinde üstünlikleri arzuw etdiler.