BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 77-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ KARARNAMASYNYŇ KABUL EDILMEGI
2022-nji ýylyň 6-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 45-nji umumy mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Baş Assambleýa Türkmenistan tarapyndan Gün tertibiň "Parahatçylyk medeniýeti" 14-nji bölümine laýyklykda hödürlenen " 2023-nji ýyl-Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly" atly Kararnamanyň taslamasyna seretdi.
Türkmen wekiliýeti kararnamanyň taslamasyny hödürläp, 2021-nji ýylyň dekabrynda "Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady" Halkara maslahatynda "Dialog parahatçylygyň kepili" atly ählumumy başlangyjyny ilkinji gezek öňe sürdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti "2023-nji ýyl-Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly" Kararnamanyň taslamasynyň ähli konstruktiw pikirleri we teklipleri göz öňünde tutup, BMG agza ýurtlaryň arasynda geçirilen köp sanly maslahatdan soň taýýarlanandygyny aýtdy.
Bu resminamada BMG-niň Tertipnamasynyň esasy maksatlary we ýörelgeleri, ilkinji nobatda jedelleri parahatçylykly ýollar bilen çözamek borjuny we geljekki nesilleri uruş howpundan halas etmek tutanýerliligini görkezýär. Kararnamanyň taslamasy, öz içine birnäçe meseleleri alýan gepleşikleriň dürli görnüşleriniň agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm orun eýeleýändigini tassyklaýar.
Kararnamanyň taslamasyny hödürläp, Türkmenistanyň wekiliýeti şu ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň “Dialog parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň geçirilýändigini belledi. Onuň kararnamanyň taslamasynda nygtalyp geçilen temalar boýunça giňişleýin pikir alyşmak üçin platforma bolar hem-de 2023-nji ýylda Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň hatyrasyna ählumumy kampaniýasynyň goýberilmegine esas bolup hyzmat eder.
Türkmenistanyň wekiliýeti ähli agza ýurtlary we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamynyň edaralaryny ýakyn wagtda geçiriljek foruma işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Ara alyp maslahatlaşmadan soň bu karar ylalaşyk esasynda kabul edildi. Bu Kararnamanyň awtordaşy bolup guramanyň 68 agza-döwleti çykyş etdi.