TÜRKMENISTAN ÝEWROPA BILELEŞIGI - MERKEZI AZIÝA DÜZÜMDÄKI DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ 18-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Samarkant şäherinde geçirilen Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň 18-nji duşuşygyna gatnaşdy.
Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetine Ýewropa Komissiýasynyň Wise-prezidenti we ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili Josep Borrell ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekiliýetleriň ýolbaşçylary ykdysady, söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygy, daşky gurşawy goramak, suwdan peýdalanmak we howanyň üýtgemegi, şeýle hem bilim, ylym we innowasiýa ýaly sebitara we global meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň baştutany öz çykyşynda häzirki duşuşygyň "Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa" düzümdäki ilkinji sammitden birnäçe hepde soň geçirilýändigini we sammitiň ahyrynda kabul edilen Bilelikdäki beýannamanyň şu günki çekişmeler üçin esas bolup hyzmat edýändigini, we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň giň toplumy boýunça mundan beýläkki pikir alyşmalar üçin başlangyç nokat bolmalydygyny aýtdy.
W. Hajiýew bu möhüm resminamanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda görkezilen ýörelgeleri, hususan-da halkara dawalaryny parahatçylykly, syýasy we diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgelerini güýçlendirmek zerurlygyna aýratyn üns berendigini aýtdy.
Halkara gatnaşyklarynda ynamdar gepleşik pelsepesini öňe süren Türkmenistan, BMG-niň Baş Assambleýasyna 2023-nji ýyldaky Parahatçylygyň kepili hökmünde Halkara dialog ýylyny yglan etmek baradaky kararyň taslamasyna garamagy teklip etdi. Şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda bu resminamanyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilmegine garaşylýar.
Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň wekiliýetiniň başlygy Merkezi Aziýadan we Ýewropa Bileleşiginden kärdeşlerini dekabr aýynyň ikinji ongünlüginde geçiriljek Aşgabat halkara hepdeligine, hususan-da, şu ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmen paýtagtynda guraljak “Dialog parahatçylygyň kepili” atly maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.
Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri howpsuzlyk meselelerini, şol sanda Owganystandaky ýagdaýy, serhet dolandyryşyny, terrorçylyga, ekstremizme, kontrabanda we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa düzümdäki Daşary işler ministrleriniň indiki duşuşygy 2023-nji ýylda Brýusselde geçiriler.