MINISTR R.MEREDOW ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA MEÝILLEŞDIRILEN SAPARY BARADA HASABAT BERDI

Düýn Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň 20-21-nji oktýabrda Türkmenistana meýilleşdirilen resmi saparyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri goňşy ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakdan we giňeltmekden ybaratdyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýän ýurdy Özbegistan bolup durýar.

Özbek tarapy bilen bilelikde saparyň maksatnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, iki doganlyk halkyň taryhy gatnaşyklaryna hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarynyň umumylygyna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň hemişe dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýete eýedigini nygtady. Häzirki wagtda asyrlaryň dowamynda ýola goýlan bu hoşniýetli däpler mynasyp dowam etdirilip, mazmun taýdan baýlaşdyrylýar.

Ikitaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Türkmenistan we Özbegistan köptaraplaýyn esasda hem, BMG-niň we beýleki abraýly halkara, sebitleýin guramalaryň çäklerinde netijeli gatnaşyk edip, birek-birege özara goldaw berýärler. Ýokary, Hökümet we pudaklaýyn derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, onuň köptaraplaýyn mümkinçilikleriniň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyryp, nobatdaky gepleşikleriň möhümdigini, onuň strategik häsiýete eýe bolan özara bähbitli türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi bermäge gönükdirilendigini belledi.