TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNA DÖWLET SAPARY TAMAMLANDY

2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy.

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Astanada gazagystanly kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek. Olaryň gün tertibine dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwatyň bardygy bellenildi. Gepleşikleriň ýene-de bir meselesi ýangyç-energetika ulgamynda, hususan-da, özara gatnaşyklaryň uly tejribesine eýe bolan gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi bilen bagly boldy. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, işewür toparlaryň, şol sanda obasenagat toplumynyň işewür düzümleriniň ugry boýunça göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

15-nji oktýabrda, ýokary derejedäki gepleşikleriň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astananyň ajaýyp künjekleriniň birindäki Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül goýdy. Bu ýerde Hormat garawuly nyzama düzülipdir.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň “Akorda” köşgünde iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň resmi surata düşmek dabarasy geçirildi.

Soňra ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda Gazagystanyň Lideriniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Baştutanynyň bu sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin taryhy ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasyna gelmek baradaky çakylygy hem-de mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu saparyň dostlukly goňşy ýurda ilkinji döwlet saparydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda şu günki ýokary derejedäki duşuşyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka hökmünde garaýandyklaryny nygtap, Gazagystanyň Liderine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 5-nji oktýabrynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl dolandygyny hem belledi. Şol geçen ýyllaryň dowamynda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi bu şanly sene bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Özara ynanyşmak we işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan kuwwaty hem-de uzak möhletleýin geljegi nazara almak bilen, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Şeýle-de taraplar sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Iki ýurduň arasynda ýokary derejede işjeň, özara ynanyşmak ýagdaýyndaky syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystanyň Baştutany geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan saparyny mähirlilik bilen ýatlaýandygyny belläp, myhmansöýerlik hem-de bilelikde işlemäge ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hoşallyk bildirdi. Munuň özi uly üstünlikleri gazanmaga ýardam etdi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Meniň Gazagystan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyma biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda möhüm, tapgyrlaýyn waka hökmünde garaýarys. Onuň esasy maksady ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, täze ýagdaýlary hem-de ösüşiň ugurlaryny nazara almak bilen, Merkezi Aziýa sebitinde we halkara giňişlikde döwletara gatnaşyklaryň anyk ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sebit we ählumumy ösüşiň derwaýys meseleleri boýunça öz çemeleşmelerini kemala getirmekde Türkmenistanyň we Gazagystanyň pikirdeşler hem-de jogapkärli hyzmatdaşlar hökmünde çykyş edýändiklerini nygtady. Birleşen Milletler Guramasynda garaýyşlary utgaşdyrmagyň, ýurtlarymyzyň öňe sürýän tekliplerini we başlangyçlaryny özara goldamagyň gurallary ýola goýuldy. Biz Gazagystanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk, sebit meselesiniň möhüm ugurlary boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-de kabul edilen Kararnamalary goldandygyny, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hormat goýýandygyny minnetdarlyk bilen bellemek isleýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýada pugta parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegini iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Gazagystan Hazar deňzinde-de ýurdumyzyň goňşusy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijelerine ünsi çekdi.

Ekologik ugur, şol sanda Aral meseleleri boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklar dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Gazagystan Respublikasy ýurdumyzyň iri ykdysady hyzmatdaşydyr. Biz dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine, Hökümet we pudaklaýyn ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň toplanan tejribesine ýokary baha berýäris. Energetika we ulag ulgamlary türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar.

Bu babatda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň gurulmagy oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň netijeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda türkmen-gazak kooperasiýasynyň häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň we goňşy sebitleriň ösüşiniň esasy güýçleriniň biri, Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolmalydygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýynyň bilelikdäki içgin seljermesini geçirmegiň maksadalaýykdygyny belläp, biziň ýurtlarymyzyň häzirki wagtda haryt dolanyşygynyň görkezijilerini ep-esli artdyrmaga, özara haryt iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga ukyplydygyna ynam bildirdi. Türkmenistanda we Gazagystanda kuwwatly senagat hem-de agrar binýady, döwrebap ulag düzümi döredildi. Bu ýagdaýlar özara söwdany, şol sanda serhetýaka we sebit söwdasyny giňeltmek, maýa goýumlary çekmek üçin doly derejede ulanylmalydyr. Senagat taýdan goşulyşmakda, hyzmatlar ulgamynda, obasenagat toplumynda giň gerimli taslamalara badalga bermek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki hökümetara topar öz işjeňligini görkezmelidir.

Döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada durup geçip, biziň halklarymyzyň diňe bir çäk taýdan ýakynlygy bilen däl, eýsem, hakyky doganlyk gatnaşyklary, taryhy ykballaryň umumylygy bilen birleşendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda Gazagystan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günlerini guramak baradaky meselä garamagy teklip etdi. Şeýle-de türkmen we gazak halklarynyň meşhur şahyrlarynyň, akyldarlarynyň — Magtymguly Pyragynyň, Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliklerini, degişlilikde, Astanada we Aşgabatda oturtmak boýunça meselä gaýdyp gelmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Gazagystanyň Daşary söwda edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Gazagystan Respublikasynyň “Atameken” Milli telekeçiler edarasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda himiýa senagaty babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Senagat we infrastrukturalaýyn ösüş ministrliginiň arasynda üstaşyr ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň arasynda kosmos giňişligini parahatçylykly maksatlar bilen öwrenmek we ulanmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda ösümlikleriň karantini babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we sport ministrliginiň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; 2022-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça toplumlaýyn Maksatnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň we Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Daşary syýasaty öwreniş institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şunuň bilen baglylykda, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Aşgabat, Türkmenistan) bilen Abylaý han adyndaky Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri gazak uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň; Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň arasynda jenaýatçylyga garşy göreşmek babatda meýiller hakynda Ähtnamanyň hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirendigini bellemek gerek. Bu resminamalara-da şu saparyň barşynda gol çekildi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz şu gün geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň wekiliýetiniň agzalaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň halkyna tüýs ýürekden parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz “Astana” halkara maliýe merkezine baryp gördi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz merkeziň düzümi hem-de onuň işi bilen tanyşdyryldy. Merkeziň esasy maksady maliýe bazary babatda giň gerimli hyzmatlary hödürlemekden ybaratdyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäheriniň baş metjidine baryp gördi. Bu täze metjit şu ýylyň awgust aýynda açylyp ulanmaga berildi. Bu ýerde belent mertebeli myhman metjidiň binagärliginiň hem-de bezeginiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady.