Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş
Ata Watanamyz Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyny belleýär.
Häzirki wagtda Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly ýöriş başlandy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki we geljekki nesilleriň hakydasynda beýik taryhy wakany — Watanymyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagyny şöhlelendirýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
Bu dabara Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
Däp bolşy ýaly, Watanymyzyň baş baýramynyň şanyna dürli maksatly desgalar açylyp ulanylmaga berilýär, şeýle hem ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe möhüm çäreler geçirilýär.