Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherine iş sapary bilen bardy.
Döwlet Baştutanymyzy Samarkant halkara howa menzilinde Özbegistanyň resmi wekilleri we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ŞHG-niň sammitine gatnaşmagyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikler geçirmegine meýilleşdirildi.
ŞHG-niň sammitiniň barşynda guramanyň giňişliginde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.