PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY TÜRKMENISTANYŇ YNSANPERWER KÖMEGINI KABUL ETDI
5-nji sentýabrda irden ynsanperwer ýük bilen «Ил-76» kysymly ýük daşaýan türkmen uçary Pakistan Yslam Respublikasynyň Sind welaýatynyň Karaçi şäheriniň howa menziline gondy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Pakistan Yslam Respublikasynda soňky wagtlarda bolýan köpsanly adam pidalaryna we uly möçberli weýrançylyklara getirýän tebigy betbagtçylyklar bilen baglylykda dostlukly pakistan halkyna ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, degişli derman we lukmançylyk serişdeleri, azyk we beýleki harytlar ynsanperwer kömegi hökmünde pakistan tarapyna ýetirildi.
Karaçi şäheriniň howa menzilinde Türkmenistandan ynsanperwer kömegi kabul etmek dabarasyna Sind welaýatynyň Baş ministriniň kömek bermek we dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite kömekçisi we geňeşçisi Haji Rasul Baks Çandio, Pakistanyň tebigy betbagtçylyklaryň netijelerini aýyrmak boýunça Milli gullugynyň direktorynyň orunbasary Wasim Ahmed, Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda çykyş eden pakistanly resmi wekiller sil almadan heläk bolan ýurduň halkyna öz wagtynda zerur bolan ynsanperwer kömegi berendigi üçin Türkmenistanyň baştutanyna hem-de halkyna çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.