SOŇKY HABARLAR
Beýik Britaniýada Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygyna bagyşlanyp sergi geçirildi
2016-njy ýylyň 29-njy fewralyndaBeýik Britaniýanyň Kembrij Uniwersitetiniň ”Alison Riçard“ binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasy bu ýokary okuw mekdebiniň “Kembrij Sentral Eýşa Forumy“ bilen bilelikde fotosurat sergisini geçirdi.
Minskde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi
2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda 2016-njy ýylyň Turkmenistan Watanymyzda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryş dabarasy boldy we medeni çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasy we "Maksim Tank" adynd...
Ýaponiýada Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi
2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda Ýaponiýada, Türkmenistanyň Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşalanyp geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasy esasynda we 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň tanyşdyrylşy geçirildi. Çärä Syýahatçylyk agentlikleriniň ýapon assosiasiýasynyň (JATA) we Ýaponiýanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň topary gatnaşdylar. Gatnaşyjylar...
Niderlandlarda we Belgiýada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly çäreler
2015-nji ýylyň Bitaraplygyň we parahatçylygyň ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geçirýän maksatnamasynyň çäginde Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň we Niderlandlardaky “Türkmen-Balh Dostlugy” jemgyýetiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäreler geçirildi.Hususan-da dabaraly çäreler 23-nji sentýabrda Brüssel şäherinde (Belgiýa) we 25-nji sentýabrda Weýert şäherinde (Niderlan...
Kiýewde Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan halkara konferensiýasy geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik Akademiýasy bilen bilelikde Bitaraplyk we Parahatçylyk ýylyna bagyşlap we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň daşary syýasaty howpsuzlygyň we durnuklylygyň şertidir» atly Halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirdi.Ukrainanyň Diplomatik Akademiýasynyň maslahatlar otagynda geçirilen Halkara forumynyň açylyş dabarasyna Ukrainanyň Daşary işler ministri P...
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Bitaraplygyň 20-ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
2015-nji ýylyň 12-nji martynda Nýü-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Bitaraplygyň 20-ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Onuň işine Nýü-Ýorkda wagtlaýyn ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary, ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary hem-de ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.