Niderlandlarda we Belgiýada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly çäreler
2015-nji ýylyň Bitaraplygyň we parahatçylygyň ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geçirýän maksatnamasynyň çäginde Belgiýa Patyşalygyndaky Türkmenistanyň Ilçihanasynyň we Niderlandlardaky “Türkmen-Balh Dostlugy” jemgyýetiniň bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp dabaraly çäreler geçirildi.
Hususan-da dabaraly çäreler 23-nji sentýabrda Brüssel şäherinde (Belgiýa) we 25-nji sentýabrda Weýert şäherinde (Niderlandlar) geçirildi. Bu dabaraly çärelere Belgiýanyň we Niderlandlaryň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleri, ÝB-niň we NATO-nyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik edaralarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda ylmy we jemgyýetçilik işgärleri, şeýle-de Benilýuks ýurtlarynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Bu çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň wekilleriniň çykyşlary diňlenilip, “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” wideo şekilli prezentasiýa görkezildi. Olarda daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji başlangyçlarynyň we daşary syýasatynyň ugry bolan türkmen bitaraplygynyň bütindünýä integrasion ýagdaýlara hemmetaraplaýyn edýän täsiri we umumy meseleleriň çözgüdini tapmakda täzeçilligi hakynda oňyn we hemmetaraplaýyn baha berildi.
Şeýle-de çykyşlarda türkmen-belgiýa we türkmen-niderland köpugurly, ýagny syýasy, söwda-ykdysady ,gumanitar, ylmy-tehniki ulgamlardaky gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegi köp babatda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirmegi bilen baglanyşyklydygy bellenildi.
Mundan başga-da dabaraly çärelerde türkmen wekilýetiniň medeniýet we döredijilik işgärleri çykyş etdiler. Olar türkmen milli aýdymlaryny we tanslaryny, nusgawy we opera aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň müdiri Niderlanlardaky “Türkmen-Balh Dostlugy” jemgyýeti bilen bilelikde türkmen halkynyň ruhy we medeni ösüşini görkezýän milli sergini gurnadylar. Çäreler tamamlanandan soň gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlendi.