AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN BIRLIKDE GURALAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI

Şu gün, 19-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) bilen bilelikde «Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak» atly halkara maslahat gibrid görnüşde geçirildi.

Maslahata YHG-nyň wekiliýeti, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Allakbaýew, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasary A.Kösäýew, «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilleri hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary çykyş etdiler.

Şeýle-de YHG-nyň Baş sekretarynyň orunbasary Ž.Asanowyň, YHG-nyň Medeniýet institutynyň prezidenti S.Bakhtinyň, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanowyň çykyşlary wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly diňlenildi.

Maslahatyň barşynda çykyş edenler, gün tertibi golaýda geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-nyň ýokary derejeli duşuşygy bilen berk baglanşykly bolan bu çäräniň öz wagtyndalygyny hem-de netijeliligini belläp geçdiler. Şonuň ýaly-da, üstümizdäki ýylda Gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň bu jogapkärli hem-de ýokary wezipäni talabalaýyk amala aşyrmak arkaly, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça şu formatyň ýurtlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine itergi berendigi aýratyn nygtaldy.

Mazmuna baý çykyşlaryň dowamynda, şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek YHG-nyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň Gurama gatnaşyjy-ýurtlaryň arasyndaky bilelikdäki maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygy bellenilip geçildi.

Esasy çäreleriň çäklerinde geçierilmegi meýilleşdirilen YHG-nyň ýokary derejedäki duşuşygy, agza-ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň mejlisi hem-de işewürlik forumy Türkmenistanyň bu abraýly gurama başlyklyk etmeginiň jemleýji wakalary hökmünde, meseleleriň giň toplumy boýunça pikirleriň alyşylmagy üçin oňyn meýdança öwrüler.

Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen birlikde guralan halkara maslahat geçirildi (mfa.gov.tm)