Türkmenistanyň suw, ulag we energetika diplomatiýasy ugamlarynda gazananlaryna bagyşlanan brifing
2019-njy ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen KHBS-niň wekilleriniň hem-de Ilçihanalaryň we halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň durnukly ulag, energetika we suw diplomatiýasy ulgamlarynda gazananlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Türkmenistanyň Hemişelik utgaşdyryjy E.Panowa, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy N.Drozd, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Başlygy N.German, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri çykyş etdiler.
Öz çykyşynda Daşary işler ministri 2015-nji ýylda Günorta Koreýanyň Tegu şäherinde geçirilen Bütindünýä suw forumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň diplomatiýa işinde täze ugruň – suw diplomatiýasynyň döredilmegi hakyndaky meseläni öňe çykarandygyny belläp geçdi. 2018-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň BA-nyň 73-nji mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti durnukly ösüş nukdaýnazaryndan suw meseleleriniň derwaýyslygy barada aýtdy. Brifingiň gatnaşyjylaryna Türkmenistanyň suw diplomatiýasynda gazanan üstünlikleri barada habar berildi. Bu ugurda Altyn Asyr Türkmen kölüniň gurluşygynyň ähmiýeti, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň alyp barýan möhüm işleriniň ähmiýeti nygtalyp geçildi. Öz çykyşynda ministr Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu ugurda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.
Bu ugurda, şeýle hem BMG we beýleki abraýly halkara guramalarynyň formatynda işjeň orun eýelemegi bilen bitarap Türkmenistan suw diplomatiýasynyň kadalarynyň durmuşa geçirilmegini özüniň daşary syýasat işiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kabul edýändir. Bu çarçuwada Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli döwletler hem-de halkara guramalary bilen özüniň hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlygyny beýan edýändir.
Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň möhüm şerti hökmünde ýurdumyzda ulag infrastrukturasynyň döredilmegi boýunça ýadawsyz aladalaryny aýratyn belläp geçdi. Ýurdumyzda demirýol, awtomobil, howa we suw ulaglarynyň çekilmegi bilen amatly we howpsuz halkara geçelgeleri döredilýär, bu bolsa sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, ýurtlaryň arasynda hyzmatdalygyň pugtalandyrylmagyny we haryt dolanşygynyň göwrümleriniň artdyrylmagyny üpjün eder.
Energetika diplomatiýasyna degişlilikde Ministr Türkmenistanyň döwlet we daşary syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan iri göwrümli energetika taslamalarynyň ähmiýetini belläp geçdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň esasynda energoserişdeleriniň halkara bazarlaryna durnukly we ygtybarly üpjün edilmegi boýunça BMG-niň BA-nyň rezolýusiýalarynyň birnäçesi kabul edildi. Gazyň HHR-na üpjün edilmegi boýunça ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär, häzirki wagtda bolsa gazyň Ýewropa ugradylmagy boýunça gepleşikler işjeňleşdirildi. Bu mazmunda, golaýda gol çekilen «Hazar deňzi – Gara deňzi» ulag geçelgesi boýunça Buharest Jarnamasynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Bu taslamalaryň ähmiýetini bellemek bilen hem-de gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň we guramalaryň ählisi bilen mundan beýläk hem hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna ynam bildirip, Ministr bu taslamalaryň ählisiniň durmuşa geçirilmeginde ekologiýanyň goragy bilen birlikde halkara hukuk kadalarynyň nazarda tutulýandygyny nygtady.
Brifingiň barşynda Ministr şeýle hem 2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň abraýly halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda işlenilip düzülendigini, has takygy bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna esaslanandygyny belläp geçdi.