26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler
Aşgabatda 26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler.
Forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler diýip, guramaçylaryň saýtynda bellenilýär.
Bu abraýly işewürler forumy Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen her ýylda geçirilýär. Maslahatlarda ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň iň soňky dünýä we sebit ýörelgeleri, sebit taslamalarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy, Hazar deňziniň türkmen kenaryna maýa goýumlaryny çekmek we gazhimiýa taslamalarynyň geljegi ýaly temalar maslahatlaşylýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň saýtynda geçiriljek maslahatyň çäklerinde milli nebitgaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebit kompaniýalarynyň, iri halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda panelleýin duşuşyklar we prezentasiýalar geçiriler.
Çäre däp bolan görnüşde, şeýle hem onlaýn formatda geçiriler. Bu hili çemeleşme maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk üçin hem ulanylar.
Maslahat barada has jikme-jik maglumatlar guramaçylaryň web-saýtynda ýerleşdirildi (www.ogt-turkmenistan.com).